Kowid-19-dan Az Ýitgi Çekjek Ýurtlardan Biri Türkiýe”
Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak OECD-niň çaklamasy boýunça garaýyş beýan etdi
Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Ykdysdy hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň çaklamalaryna görä koronawirus epidemiýasyndan “iň az zyýan çekjek” üçünji ýurduň Türkiýedigini beýan etdi.
Berat Albaýrak Twitter hasabyndan beren habarnamasynda guramanyň çaklamalaryna görä Hytaýdan we Koreýa Respublikasyndan soň epidemiýadan “iň az zyýan çekjek” üçünji ýurduň Türkiýe boljakdygyna ünsi çekip: “Güýçli ykdysadyýetimizi saýasynda şol çaklama garaşylýanyndan hem ýokarda amala aşar. Bu göreşde saglygy goraýyş pudagymyzyň ähli işgärlerine we önümçiligiň zähmetkeşlerine minnetdarlyk bildirýärin” diýip ýazdy.
Degişli Habarlar
Türkiýe Funduk Eksportunyň 27,3 Göterimini Germaniýa Etdi
2024-nji ýylda Türkiýeden edilen 323,243 tonna funduk eksportunyň 27,3 göterimi Germaniýa gitdi.