Türkiýäniň aýakgap eksporty artýar

Türkiýäniň Aaýakgap eksporty ýanwar-iýul aýlary aralygynda arakesme bermeden 490 million dollara ýetdi

1472536
Türkiýäniň aýakgap eksporty artýar

Türkiýäniň Aýakgap senagatçylary jemgyýeti tarapyndan berilen beýanata görä ýylyň ilkinji 7 aýynda 490 million dollara ýeten aýakgap eksportynda iň köp eksport 45,5 million dollar bilen Russiýa edilen bolsa, bu ýurtdan soň 39 million dollar bilen Germaniýa, 37,5 million dollar bilen Yrak we 25 million dollar bilen Ispaniýa gelýär. 

Ilkinji 10-luga girýän ýurtlaryň sanawynda bolsa Rumyniýa, Saud Arabystany, Italiýa, Polşa, Gollandiýa we Ysraýyl ýaly ýurtlar bar. 

Ýanwar-iýul aýlary aralygynda ýerine ýetirilen aýakgap eksportynda Ispaniýada 11,6 göterimlik, Gollandiýada bolsa 12 göterimlik artyş bar. 



Degişli Habarlar