Tomat eksporty 45 göterim artyp 67 million dollara barabar boldy

Tomat eksportynda 46 million 517 dollar bilen Yrak birinji orny eýeleýär

1423362
Tomat eksporty  45 göterim artyp 67 million dollara barabar boldy

 

Türkiýäniň tomat eksporty üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 45 göterim artyp 67 million dollara barabar boldy.

Egeý eksortçylar bileleşiginden berlen beýanata görä, Türkiýede ösdürlip ýetişdirilýän ter gök we miwe önümleri häzire çenli 100-e golaý ýurda eksport edildi.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwrüne ter gök we miwe önümleriniň eksporty has-da artdy.

Domat eksporty hem üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe 45 göterim artyp 67 million dollara barabar boldy.

Tomat eksportynda 46 million 517 dollar bilen Yrak birinji orny eýeleýär.

Eksport sanawynda 5 million 600 müň dollar bilen Germaniýa ikinji, 3 million 46 müň dollar bilen Ýaponiýa üçünji orny eýeleýär.

 


Etiketkalar: #eksport , #tomat

Degişli Habarlar