Bütindünýä banky, Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde 100 ýurda gyssagly kömek berdi

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ösüp barýan ýurtlara 15 aýlyk döwürde 160 milliard dollarlyk kömek berler

1420124
Bütindünýä banky, Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde 100 ýurda gyssagly kömek berdi

Bütindünýä banky, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde ösüp barýan 100 ýurda gyssagly kömek berdi.

Bank tarapyndan berlen beýanatynda, ýurtlaryň ykdysady taýdan kadalaşmagy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň güýçlendirilmegi maksady bilen mart aýyndan bäri birnäçe ýurtda maliýe kömeginiň berlendigi nygtaldy.

Beýanatda bankyň Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ösüp barýan ýurtlara 15 aýlyk döwürde 160 milliard dollarlyk kömek berjekdigi ýatladyldy.

Beýanatda şol kömegiň dünýäniň ilatynyň 70 göterimine ýer eýeçiligini edýän ösüp barýan 100 ýurda berlendigi nygtaldy.

Bütindünýä bankynyň başlygy Dewid Malpass “Epidemiýa sebäpli ösüp barýan ýurtlarda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalar bes edilen halatynda bu 60 milliondan gowrak adamyň aşa ýoksullaşmagyna sebäp bolup biler” diýdi.

 



Degişli Habarlar