“Gelýän ykdysady görkezijiler garaşylýanyndan has ýaramaz”
Hlkara Pul Gaznasynyň Başlygy Kristina Georgiýewa ençeme ýurtdan gelen ykdysady görkezijileriň garaşylýanyndan has ýaramazdygyny beýan etdi

HPG-niň Başlygy Georgiýewa: “Men iýun aýynda çaklamalarymyzy şertlere görä üýtgetjekdigimizi çaklaýaryn. 2020-nji ýyl boýunça çaklamalarymyza hasam ýaramaz bolar” diýdi.
Georgiýewa “Finansal Taýms” gazeti tarapyndan telekonferensiýa görnüşinde geçirilen çärede koronawirus epidemiýasynyň ykdysady täsirleri hakynda analiz berdi.
Epidemiýanyň ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirendigine ünsi çeken Georgiýewa; “Ençeme ýurtdan gelen görkezijiler ýaramaz çaklamalarymyzdan hem ýaramaz” diýdi.
Georgiýewa: “Men iýunda çaklamalarymyzy şetlere görä aktullaşdyrmagymyza garaşýaryn. 2020-nji ýyl boýunça çaklamalarymyz hasam ýaramaz bolar” diýdi.
Kowid-19 çökgünligini pursada öwürmelidigini beýan eden Georgiýewa, durnukly ösüşiň ýola goýulmagy bilen bagly mowzukda konstruktiw kadalaşmanyň bolmalydygyny nygtady.
Degişli Habarlar

Ysraýyl, Tel-Awiw-Stambul Uçar Saparlaryny Başlatdy
Sund’Or firmasy 16 ýyl soň Türkiýe uçuşlaryna Tel-Awiw-Stambul sapary bilen ýaňadandan başlady.

TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy
Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar