Türkiýädäki söwda merkezleri şu gün açylar

Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde wagtlaýyn ýapylan ýurtdaky 365 söwda merkezi şu gün hyzmat bermäge başlar

1414492
Türkiýädäki söwda merkezleri şu gün açylar

Ýurtda ilkinji koronawirus wakalarynyň hasaba alynmagy bilen ilki bilen iş sagatlary üýtgedilen, soň bolsa Koronawirusa garşy Ylmy Geňeşiň maslahatyna laýyklykda tapgyrlaýyn häsýetde ýapylan söwda merkezleri, şu günden başlap ýaňadandan müşderi kabul etmäge başlarlar. 

Söwda merkezlerinde şu günden başlap restoran, kafe, sport we şüweleň merkezlerinden daşary ähli iş ýerleri hyzmat bermäge başlar. 

11-nji maýda islege bagly ýagdaýda açyljak käbir firmalar, 1-nji iýundan başlap bolsa mejbury ýagdaýda işledilmäge başlanar. 

 



Degişli Habarlar