Türkiýäniň çaý eksporty artdy

Türkiýeden şu ýylyň ilkinji 3 aýynda edilen çaý eksporty, geçen ýylyň ilkinji 3 aýyna garanyňda 51 göterim artyp, 3 million 875 müň 510 dollara ýetdi

1398769
Türkiýäniň çaý eksporty artdy

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiýeden şu ýylyň ilkinji çärýeginde 75 ýurda 1047 tonnalyk çaý eksport edildi. 

Ýurtda geçen ýylyň şol döwründe 880 tonna çaý eksportyndan 2 million 573 müň 794 dollar girdeji alynypdy. 

Şeýlelik bilen Türkiýeden edilen çaý eksporty, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende mukdar boýunça 19 göterim, gymmady boýunça bolsa 51 göterim artyş bellige alyndy.  

Türkiýeden ýylyň ilkinji çärýeginde iň köp çaý eksport eden ýurdy 1 million 471 müň 123 dollar bilen Belgiýa boldy.

Belgiýadan soň DKTR-e 504 müň 417 dollarlyk çaý, Germaniýa bolsa 422 müň 793 dollarlyk çaý eksport edildi. 


Etiketkalar: #eksport , #çaý

Degişli Habarlar