Nebit önümçiligi 10 million barrel aşakladylar

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) we oňa girmeýän käbir ýurtlar günlük nebit önümçiligini 10 million barrel aşakladar

1395300
Nebit önümçiligi 10 million barrel aşakladylar

OPEK-iň esasy öndürijisi we G20-niň döwürleýin ýolbaşçysy Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmeginde wideo şekilli geçirilen ministrleriň derejesindäki 9-njy Nobatdan daşary maslahata Russiýa bilen bilelikde OPEK-e girmeýän çig nebit öndüriji ýurtlaryň energetika ministrler gatnaşdylar.

Düýn sagat 17:45-de başlan maslahatdan soň şu gün 06:50-de berilen beýannamada OPEK+ atlandyrylýan toparyň günlük çig nebit öndürme mukdaryny 1-nji maýdan 30-njy iýuna çenli iki aýyň dowamynda 10 million barrel aşaklatmak hakynda karara gelendigi habar berildi.

Şol aşaklatma mukdarynyň 1-nji iýul-31-nji dekabr aralygynda 6 aýyň dowamynda günde 8 million barrel, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2022-nji ýylyň 30-njy apreli aralygyndaky 16 aýyň dowamynda bolsa günde 6 millipn barrel hökmünde dowam etdirilmegine karar berildi.

Önümçiligi aşaklatmagyň mukdarlary üçin OPEK+ agzalarynyň 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndaky çig nebit önümçilik mukdarlaryna esaslanylar. Emma Saud Arabystanynyň we Russiýanyň aşakladyş mukdarlary günde 11 million barrellik önümçilik mukdarlaryna görä hasaplanar.

OPEK+ agza ýurtlar 10-nji iýunda wideo şekilli maslahat geçirer we global nebit bazarlarynda ýetilen soňky sepgidi seljererler.



Degişli Habarlar