“Ford” koronowirus sebäpli Ýewropadaky önümçilik desgalaryny ýapdy

“Ford” Ýewropadaky önümçilik desgalaryny koronawirus sebäpli wagtlaýynça ýapjakdygyny habar berdi

1381300
“Ford” koronowirus sebäpli Ýewropadaky önümçilik desgalaryny ýapdy

Merkezi Keln şäherinde ýerleşýäň “Ford Ýewropa Dolanşygyndan” berilen beýannamada 19-njy mart bilen 17-nji apreliň aralygynda önümçiligiň bes edilendigi habar berildi.

“Ford” Germaniýanyň Keln (16 müň adam işleýär) we Saarluis şäherindäki (6 müň adam işleýär) önümçilik desgalarynyň ýany bilen İspaniýanyň Walensiýa şäherindäki we Rumyniýanyň Kraiowa şäherindäki zawodlaryndaky işlerini hem bes edýär.

Ýewropanyň esasy awtoulag öndürijisi “Wolkswagen” sişenbe güni Ýewropadaky önümçiliginiň esasy bölegini bes etjekdigini habar berdi.

“Renault”, “Gruope PSA” we “Fiat Jhraýsler” firmalary hem şol sebäplerden önümçiligi wagtlaýynça bes edendiklerini beýan etdiler.

Zawodlaryň diňe abatlaýyş, tehniki gözegçilik we howpsyzlyk ýaly bölümlerde işler dowam eder.

 



Degişli Habarlar