Stambuldaky howa menzillerinden 11 aýdan 96 million ýolagçy syýahat etdi

Şeýlelik bilen Stambuldaky 3 howa menzilini şu ýylyň 11 aýynda 95 million 988 müň 98 ýolagçy ulandy

1319818
Stambuldaky howa menzillerinden 11 aýdan 96 million ýolagçy syýahat etdi

Döwlet howa menzilleriniň baş müdürliginiň resmi internet saýtynda berilen maglumata görä, Atatürk howa menzili, Sabiha Gökçen halkara howa menzili bilen Stambul howa menzilinden şu ýylyň ýanwar bilen noýabr aýlary aralygynda syýahat eden ýolagçylaryň sany bilen uçuş saparlarynyň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 1 million 235 müň 632 artdy.

Aprel aýyndan başlap diňe hususy we ýük gatnawlarynyň amala aşyrylan Atatürk howa menzilinden ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 16 million 72 müň 534 ýolagçy syýahat etdi.  

Ýylsaýyn uçar saparlarynyň artýan Sabiha Gökçen halkara howa menzilini bolsa şu ýylyň 11 aýynda 32 million 627 müň 798 ýolagçy ulandy.

Geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda ilkinji etaby dabara bilen açylan, 6-njy apreldäki uly göçüriliş işinden soň doly ýagdaýda işlemäge başlan Stambul howa menzilini ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 47 million 297 müň 757 ýolagçy ulandy.

Şeýlelik bilen Stambuldaky 3 howa menzilini şu ýylyň 11 aýynda 95 million 988 müň 98 ýolagçy ulandy.


Etiketkalar: #howa menzili , #Stambul

Degişli Habarlar