Warank Minnihanow tarapyndan kabul edildi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank Tataristanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow tarapyndan kabul edildi

1318117
Warank Minnihanow tarapyndan kabul edildi

Ministr Warank Minnihanow bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny seljerendiklerini belläp: “Esasanda halal azyk we maglumatlar tehnologiýalary pudaklarynda bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini seljerdik. Mundan beýläk täze maýa goýum şertlerini gözden geçireris” diýdi.

19-njy Halakra enjam önümçiligi sergisine gatnaşmak üçin Tataristana baran Warank Prezident Minnihanow bilen özara we toparara duşuşyklar geçirdi.

Metbugata ýapyk häsýetde geçirilen we 45 minut dowam eden duşuşykda Türkiýe bilen Tataristanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlary barada pikir alyşyldy.

Ministr Warank we Prezident Minnihanow duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Türkiýäniň Russiýa bilen edýän gatnaşyklarynda Tataristanyň möhüm pozisiýa eýeleýändigini aýdan Warank, taryhy gatnaşyklaryň ýany bilen ýurtda 140-a golaý türk firmasynyň 2,5 milliard dollarlyk maýa goýumynyň bardygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar