Ykdysadyýet 3-nji çärýekde 0,9 göterim ösdi

Türkiýäniň ykdysadyýeti ýylyň 3-nji çärýeginde 0,9 göterim ösüş etdi

1315959
Ykdysadyýet 3-nji çärýekde 0,9 göterim ösdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy, ýylyň 3-nji çärýegi bilen baglanşykly (iýul-sentýabr) jemi içerki önümiň görkezijilerini aýan etdi.

Şoňa laýyklykda, Türkiýäniň ykdysadyýeti ýylyň 3-nji çärýeginde 0,9 göterim ösüş etdi.

Şu ýylyň 3-nji çärýeginde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende oba-hojalyk pudagy 3,8 göterim, senagat pudagy bolsa 1,6 göterim ösüş etdi.

Söwda, transport, dynç alyş we iýmit pudaklaryndan emele gelen hyzmatlar pudagynda bolsa 0,6 göterim artyş bellige alyndy.



Degişli Habarlar