Ýylyň 10 aýynda Antalýa 5, 414,602 rus syýahatçysy geldi

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa ýylyň 10 aýynda 5,5 milliona golaý syýahatçy geldi

1302837
Ýylyň 10 aýynda Antalýa 5, 414,602 rus syýahatçysy geldi

Gadymy şäherleri bilen myhmanlaryny taryhyň çuňluklaryna alyp gidýän, deňizi, çägesow plýažlary we nurly güneşi bilen özüne bendi edýän, ajaýyp aýlaglary, kanionlary, gowakdyr şaglawuklary bilen ünsleri özünde jemleýän Antalýa millionlarça syýahatçyny kabul edýär.

Syýahatçylaryň isleg bildirýän ýerlerinden biri bolan Antalýa rekord goýýar.

Üstümizdäki ýylyň 1-nji ýanwary bilen 31-nji oktýabry aralygynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä 17,4 göterim ýokarlady.

Antalýa şu ýyl 31-nji dekabra çenli 14,1 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Günlük we aýlyk ölçegde gelen syýahatçylaryň sanynda ähli döwürleriň rekorduny goýan şähere esasan ruslar isleg bildirdi.



Degişli Habarlar