Daşarky söwda ýetmezçiligi 61,3 göterim azaldy

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň Pudaklar geňeşiniň agzasy Rüstem Çetinkaýa 8 aýyň dowamynda eksportyň ýokarlandygyny, importyň bolsa azalandygyny beýan etdi

1264442
Daşarky söwda ýetmezçiligi 61,3 göterim azaldy

Çetinkaýa beren ýazmaça beýannamasynda Umumy söwda ulgamyna görä eksportyň awgust aýynda-da ýokarlamaga dowam edendigini we 1,69 göterim artyp, 13,1 milliard dollara deň bolandygyny, importyň bolsa aşaklamaga dowam edendigini mälim etdi.

Daşarky söwda ýetmezçiliginiň 9,88 göterim aşaklap 2,3 milliard dollara deň bolandygyny beýan eden Çetinkaýa, eksportyň importy öwez etme mukdarynyň 84,7 göterime çenli aşaklandygyny ýatlatdy.

Rüstem Çetinkaýa: “İmportymyz 8 aýda 16,92 göterim aşaklap, 136,9 milliard dolara barabar boldy. Eksportdaky ýokarlama şol bir wagtda eksportyň aşaklamagy bilen daşarky söwda ýetmezçiligini 61,3 göterime çenli aşaklap, 19,6 milliard dollara çenli düşürdi” diýip nygtady.



Degişli Habarlar