Türk baly,dünýäniň çar tarapyna bal eksport etdi

Bal eksportunda Germaniýa birinji orny eýeledi

1259333
Türk baly,dünýäniň çar tarapyna bal eksport etdi

Türk baly, üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde dünýäniň çar tarapyna bal eksport etdi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýe üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe 2 müň 945 tonna bal satyp, 12 million 857 müň 187 dollarlyk girdeji gazandy

Bal eksportunda Germaniýa birinji orny eýeledi.

7 aýda Germaniýa 1 müň 38 tonna bal satyldy we 3 million 721 müň 369 dollarlyk girdeji gazanyldy.

ABŞ 2 million 459 müň 724 dollar bilen sanawda ikinji, Saud Arabystany bolsa 2 million 6 müň 874 dollar bilen üçünji orny eýeledi.

Ady agzalýan döwürde ilkinji gezek Hytaýa, Bolgariýa, Liwiýa, Şwesiýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Bosniýa-Gersogowina, Gresiýa, Somala, Owganystana we Marokko hem bal eksport edildi.

 

 


Etiketkalar: #Germaniýa , #eksport , #bal

Degişli Habarlar