Türkiýe şu ýyl 6 milliard dollarlyk şaý sep eksport etmegi maksat edinýär

Şaý-sep eksporty iýul aýynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 96,2 göterim artdy

1255543
Türkiýe şu ýyl 6 milliard dollarlyk şaý sep eksport etmegi maksat edinýär

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, şaý-sep eksporty iýul aýynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 96,2 göterim artdy.

Üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwrüne görä, eksportyny 12,8 göterim artdyran pudak şeýlelikde 2,2 milliard dollarlyk şaý sep eksport etdi.

Iýul aýynda soňky 12 aýlyk şaý sep eksporty bolsa 4,6 milliard dollara çenli baryp ýetdi.

Şaý sep eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Mustafa Kamar,  şu ýyl 6 milliard dollarlyk şaý sep eksport etmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

 

 

 


Etiketkalar: #eksport , #şaý-sep

Degişli Habarlar