Pekjan we Warank Ýaponiýada saparda bolarlar

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan bilen Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, 8-9-njy iýun aralygynda Ýaponiýada geçiriljek G20 Söwda we Sifr ykdysadyýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşarlar

1214294
Pekjan we Warank Ýaponiýada saparda bolarlar

Söwda we Sifr ykdysadyýet ministrleriniň umumy maslahatynda, B20-niň G20 ýurtlaryň hökümetleriniň garamagyna hödürlän syýasy maslahatlar bilen “Söwda we Sifr ykdysadyýetiň arasyndaky arabaglanşyk” ady bilen diskussiýalar geçiriler.

Ministr Pekjanyň gatnaşjak G20 Söwda ministrleriniň maslahatynda ençeme möhüm mesele ara alynyp maslahatlaşylar.

Paneller bilen birlikde ikitaraplaýyn duşuşyklar hem maslahatyň gün tertibinde bar.

Şol çäkde Pekjanyň Kanadanyň Halkara Söwdanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ministri Jim Karr bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegi we duşuşykda “Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň umumy komiteti” esaslandyryjy şertnamasyna gol çekmegine garaşylýar.

Pekjanyň we Warankyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, Söwda we senagat ministri Hiroşige Seko bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.

Warankyň mundan başgada Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministri Peter Altmaier bilen hem duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Beýleki tarapdan, dünýäniň iň ösen 20 ýurdunyň liderleri we ministrleri 28-29-njy iýunda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýygnanarlar.  

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagyna garaşylýan G20 maslahatynda Halkara jemgyýetiň sezewar bolan meseleleriň çözgüdi bilen bagly garaýyşlar maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar