Türkiýäniň Söwda ministri Pekjan Fransiýa sapar gurar

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasynyň (OECD) Ministrler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin 22-nji maýda Fransiýanyň paýtagty Pariže gider

1204790
Türkiýäniň Söwda ministri Pekjan Fransiýa sapar gurar

Ministrlik tarapyndan berilen beýanata görä, maslahatyň şu ýylky esasy temasy "Dowamly galkynyş üçin sifrli ulgamy ulanmak: Mümkinçilikler we kynçylyklar" hökmünde kesgitlendi. 

Ruhsar Pekjan 23-nji maýda "Sifrli eýýamda söwdanyň täzeliklerinden peýdalanmak we söwdanyň täzelikleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün etmek" temaly bölüme gatnaşar. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasynyň (OECD)Ministrler geňeşiniň çäginde Awstraliýanyň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek Bütindünýä Söwda guramasynyň resmi bolmadyk ministrler maslahatyna gatnaşjak Ruhsar Pekjan, ol ýerde Günorta Koreýanyň Söwda ministri Ýoo Mýunghee bilen duşuşyk geçirer. 

Pekjan 23-nji maýda Türkiýä gaýdyp geler. 

 



Degişli Habarlar