Dünýäniň iň uly uçary "Rok" uçdy

Uçaryň ilkinji synagy 150 minut dowam etdi, ondan soň bolsa uçar howpsyz ýagdaýda gondy

1183016
Dünýäniň iň uly uçary  "Rok" uçdy

Raketa uçurma kärhanasy Stratolaunch tarapyndan gurulan 117 metr ine eýe bolan 226 tonnalyk Rok atly uçar, ABŞ-niň Kaliforniýa ştatyndaky Možawe howa menzilinden ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy. 

Stratolaunch kärhanasynyň älem giňişligi bilen bagly derňewlerinde ulanmak üçin guran, 2 aýry korpusy we 6 sany Boeing 747 dwigateli bolan uçaryň düýn geçiren ilkinji uçuşynyň wideosy görkezildi. 

Uçaryň ilkinji synagy 150 minut dowam etdi, ondan soň bolsa uçar howpsyz ýagdaýda gondy. 

250 tonna ýüki daşap bilmek mümkinçiligine eýe bolan we älem giňişligi bilen bagly derňewlerde ulanmak üçin dizaýn edilen uçar, raketalary takmynan 10 km beýiklige çykaryp ol ýerden älem giňişligine uçuryp, emeli hemralaryň orbita has netijeli we howpsyz ýagdaýda daşalmagyny üpjün eder. 

 


Etiketkalar: #uçar , #synag , #Kaliforniýa

Degişli Habarlar