Türk howa ýollary Stambul howa menzilinden 405 müňden gowrak ýolagçyny daşady

Mesele bilen bagly Bilal Ekşi beýanat berdi

1174991
Türk howa ýollary Stambul howa menzilinden 405 müňden gowrak ýolagçyny daşady

THÝ-nyň Baş direktory Bilal Ekşi, özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Stambul howa menzilinden 405 müňden gowrak ýolagçy daşadyk. 6-njy aprelde dolulygyna göçjek Stambul howa menzilinde şu günki güne çenli 3 müň 214 uçar saparyny amala aşyrdyk we 405 müňden gowrak ýolagça hyzmat berdik. Uly taslamalarymyz bilen 2023-nji ýyldaky maskatlarymyza ýeteris” diýip belledi.

Dünýäniň iň uly howa menzili bolan Stambul howa menzili 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açylypdy.  



Degişli Habarlar