Geçen ýyl Türkiýäniň şetdaly eksporty 128,6 müň tonna ýetdi

Şetdaly eksportynda Russiýa, Yrak, Ruminiýa, Saud Arabystany we Siriýa esasy orny eýeledi

1125216
Geçen ýyl Türkiýäniň şetdaly eksporty 128,6 müň tonna ýetdi

Uludag eksportçylar bileleşiginiň berýän maglumatyna görä, şetdaly eksporty 2018-nji ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 43,7 göterim artyp 89,5 müň tonnadan 128,6 müň tonna ýetdi.

Eksport ýyldyzy bolan şetdalydan alynan girdeji bolsa 24,6 göterim artyp 70,3 million dollardan 87,6 million dollara ýetdi.

Bursa we Çanakkale şäherleriniň başda durmagynda birnäçe şäherde ösdürlip ýetişdirilýän şetdaly 65 ýurda eksport edildi.

Şetdaly eksportynda Russiýa, Yrak, Ruminiýa, Saud Arabystany we Siriýa esasy orny eýeledi.

Russiýa edilen şetdaly eksport 30 göterim artyp 56,2 müň tonnadan 72,9 müň tonna ýetdi.

Russiýa şetdalylar üçin 2018-nji ýylda 66,8 million dollar töledi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #şetdaly , #eksport , #girdeji

Degişli Habarlar