ABŞ Wenesuela sanksiýa goýmak barada karar kabul etdi
ABŞ Wenesuelanyň 7 raýatyna we käbir edara-kärhanalaryna sanksiýa goýmak barada karar kabul etdi
1122012

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýanatda kararyň galplyk sebäpli kabul edilendigi nygtalýar.
Beýannamada Wenesuelanyň halky ýoksullygy başdan geçirýärkä milliardlarça dollarlyk galplyk edendigi sebäpli 7 adam üçin sanksiýa goýmak barada karara gelinendigi habar berildi.
Beýannamada ABŞ-nyň Wenesuelanyň halkynyň demokratiýany üpjün etmek ugrunda alyp barýan tagallasyny goldamak üçin diplomatiki we ykdysady serişdelerden peýdalanma dowam ediljekdigi bellenilýär.
Wenesuela ABŞ-nyň sanksiýalary boýunça Bütindünýä Söwda Guramasyna arz etdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Şaý-Sep Eksporty Artdy
Şaý-sep eksportynda Birleşen Arap Emirlikleri 607,8 million dollar bilen esasy orun eýeledi.