Türkiýeden Ýewropa 1,4 milliard jorap eksport edildi

Jorap eksportyndan 898,8 million dollar girdeji alyndy

1110824
Türkiýeden Ýewropa 1,4 milliard jorap eksport edildi

Türkiýe şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça eksport eden 1,4 milliard sany jorapdan jemi 898,8 million dollar girdeji aldy.

Bu döwürde iň köp jorap Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Gollandiýa we Ispaniýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna eksport edildi.

Jorap eksportyndan iň köp girdeji alynan ýurt bolsa 215,3 million dollar bilen Britaniýa boldy.


Etiketkalar: #jorap , #eksport , #Ýewropa

Degişli Habarlar