Türkiýe-Pakistan İşewürler Maslahatynyň Gaziantep Maýa Goýum Mejlisi Geçirildi

Gaziantep welaýatynyň gubernatory Wawut Gül şäherde dünýä bilen bäsleşmäge mynasyp önümleriň öndürilýändigini aýtdy

1110635
Türkiýe-Pakistan İşewürler Maslahatynyň Gaziantep Maýa Goýum Mejlisi Geçirildi

“Ýülekýoly Galkynyş Gullugy” Türkiýe-Pakistan İşewür Maslahatynyň Gaziantep Maýa Goýum Mejlisini geçirdi.

Gaziantep welaýatynyň gubernatory Wawut Gül mejlisde sözlän sözünde Pakistanyň Türkiýä ýakyn dost ýurtlardan biridigini nygtap, şol dostlugyň söwda gatnaşyklary bilen berçinleşdirilmelidigini aýtdy.

Gazianteniň ýokary hili harytlarynyň bardygyny nygtan Gül; “Gaziantep dünýä bilen bäsleşjek hilde önümleri öndürýär. İki ýurt birek-birege ýokary hili, bäsleşik etjek harytlary satmaly. Dünýäniň köp sanly ýerinden alyp biljek harytlaryňyzy Gazipantepden iň elýeterlik bahadan almaga mümkinçiligiňiz bar” diýdi.

“Ýülekýoly Galkynyş Gullugynyň” baş Sekretary Burhan Akýylmaz 2010-njy ýyldan bäri iş alyp barýandyklaryny ýatladyp, Gaziantebi Ýakyn Gündogaryň çekiş merkezine öwürmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Pakistan bilen Türkiýäniň iki dostlukly ýurt bolandygyny beýan eden Akýylmaz; “Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky söwda mukdary potensialdan iňňän pes. Bu taýda iki tarapa-da uly jogapkärçilik düşýär. Geçmişden gelýän dostlugymyzy söwda gatnaşyklarymyza-da utgaşdyrsak, söwda mukdaryny has ýokarlandyrarys” diýdi.

Pakistanyň Söwda we Senagat Birleşmeleriniň Federasiýasynyň Başlygynyň orunbasary Nazli Abid Nasyr bolsa mejlisiň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýaňadandan ösdürmek üçin şert döredýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar