Saud Arabystanynyň Russiýada goýýan maýa goýumlary artýar

Russiýanyň Maýa goýum gaznasynyň başlygy Kiril Dmitriýew, Russiýa-Saud Arabystany billikdäki gaznasy tarapyndan 2019-njy ýylda Russiýa 2 milliard dollarlyk goşmaça maýa goýulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy

1099080
Saud Arabystanynyň Russiýada goýýan maýa goýumlary artýar

Kiril Dmitriýew Argentinada geçirlen G-20 maslahatynyň çäginde žurnalistlere beren beýanatynda Saud Arabystanynyň Russiýada goýýan maýa goýumlarynyň artjakdygyny aýtdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň G-20-niň çäginde duşuşyk geçirendigini ýatladan Dmitriýew, “Şol duşuşykda Saud Arabystanynyň Russiýadaky maýa goýumlary seljerildi” diýdi.

Geljek ýyl rus ykdysadyýetine goşmaça maýa goýuljakdygyny aýdan Dmitriýew “Russiýa-Saud Arabystany billikdäki gaznasy tarapyndan 2019-njy ýylda Russiýa 2 milliard dollarlyk goşmaça maýa goýulmagy meýilleşdirilýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar