Ýewropada soňky 5 hepdede 5 howa ýollary kärhanasy batdy

Ýewropada soňky 5 hepdede kiçiräk 5 howa ýollary kärhanasy yzly-yzyna batdy

1064292
Ýewropada soňky 5 hepdede 5 howa ýollary kärhanasy batdy

Azur Air (Germaniýa), Small Planet (Germaniýa), VLM (Belgiýa) we Skywork Airlines (Şweýsariýa) howa ýollaryndan soň, indi bolsa Daniýa-Latwiýa ýurtlaryna degişli Primera Air howa ýollary batdy.

2003-nji ýylda esaslandyrylan Primera Air howa ýollarynyň 9 sany uçary bardy we soňky gezek Demirgazyk Amerika uçar saparlaryny amala aşyrýardy.

Sentýabr aýynyň ahyrynda resmi ýagdaýda batandygyny mälim eden Azur Air howa ýollary kärhanasynyň bolsa soňky wagtlarda dine 1 sany Boeing 737 uçary bilen uçar gatnawlaryny amala aşyrýardy.

Azur Air kärhanasyndan gysga wagt ozal batan Germaniýanyň Small Planet howa ýollary kärhanasynyň bolsa 4 sany Airbus A320 we 2 sany Airbus A321 uçarlary bardy.

Belgiýanyň VLM howa ýollary kärhanasynyň bolsa 1 sany uçary bardy.

Sebitleýin uçar saparlaryny ama aşyran Şweýsariýanyň Skywork Airlines howa ýollary kärhanasy bolsa, awgust aýynyň ahyrynda uçuşlaryny bes edip, jemi 11 müň ýolagçyny kyn ýagdaýda saldy.



Degişli Habarlar