Eýrana garşy girizilen sanksiýalar Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýär

ABŞ-niň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalary Günorta Koreýa bilen Eýranyň arasyndaku söwda gatnaşyklaryna uly zarba saldy

1063685
Eýrana garşy girizilen sanksiýalar Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýär

Ýonhap habarlar agentliginde berilýän habarlara görä, 2018-nji ýylyň ilkinji 8 aýlyk döwründe Günorta Koreýanyň Eýrana eden eksporty 21,9 göterim, bu ýurtdan eden importy bolsa 23,7 göterim azaldy. 

Koreýanyň Halkara söwda birligi tarapyndan berilen maglumatlara görä, Günorta Koreýa Eýrandan 4,05 milliard dollar gymmadynda önüm import eden bolsa, 2,08 milliard dollar gymmadynda önüm eksport etdi. 

Iki ýurdyň arasyndaky söwda,  ABŞ-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň başlan aýy bolan awgust aýynda ýaňadandan azalmaga başlady. 

Import awgust aýynda iýul aýyna garanyňda 67,8 göterim azalan bolsa, eksport 41,6 göterim azaldy. 

Günorta Koreýanyň Eýrandan edýän importynyň 93,6 göterimi çig nebitden emele gelýär. 

 



Degişli Habarlar