Hindistan Eýranyň nebitini öz milli pul birligi bilen alar

Hindistan Eýranyň nebitini öz milli pul birligi bolan rupiýa bilen almaga başlar

1053986
Hindistan Eýranyň nebitini öz milli pul birligi bilen alar

Ýerli metbugatdaky habarlara görä, Hindistan, Amerikan sanksiýalaryna garşy çözgüt hökmünde, Eýrandan nebitini rupiýa bilen almaga başlar.

Hindistana degişli nebit kärhanalarynyň noýabr aýyndan başlap, Eýrandan import edýän nebitiň töleglerini rupiýada Hindistanyň United Commercial Bank we IDBI banklarynyň üsti bilen berer.

ABŞ-niň 2-nji sanksiýa etabynyň güýje girjek güni bolan 5-nji noýabrdan başlap, Eýranyň Milli nebit kärhanasy, Eýranyň Nebit söwda kärhanasy we Milli Tanker kärhanasyna halkara derejede çäklendirmeler giriziler we ykdysadyýeti nebit söwdasyna garaşly bolan ýurtdan nebit we nebit önümleriniň satuwyna embargolar goýular.

Resmi Waşington mundan başgada, 5-nji noýabrdan soň Eýran bilen gatnaşyk saklaýan kärhanalara garşy hem sanksiýa goýmak bilen hemle atýar.


Etiketkalar: #Hindistan , #Eýran , #nebit , #rupiýa

Degişli Habarlar