Antalýa howa ýoly arkaly gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 10 milliondan geçdi

Şol syýahatçylaryň 9 million 784 müň 959-y Antalýa, 262 müň 713-i bolsa Gazipaşa howa menziline gondy

1050120
Antalýa howa ýoly arkaly gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 10 milliondan geçdi

Antalýa täze ýyldan bäri howa ýoly arkaly gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 10 milliondan geçdi.

Syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-14-i aralygynda Antalýa we Gazipaşa howa menzilleri arkaly şähere 920 müň 391 syýahatçy geldi.

Geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 23 göterim artdy.

2018-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 14-nji sentýabry aralygynda şähere jemi 10 million 47 müň 672 syýahatçy geldi.

Şol syýahatçylaryň 9 million 784 müň 959-y Antalýa howa menziline, 262 müň 713-i bolsa Gazipaşa howa menziline gondy.

 

 



Degişli Habarlar