Ygdyrdan Ýewropa meksika burçy eksporty

Agry dagynyň eteklerinde ýetişdirilen meksika burçy Ýewropa eksport edilýär

1049095
Ygdyrdan Ýewropa meksika burçy eksporty

Mikroklimat yklymy we topragyň gurluşy saýasynda ençeme gök-önüm, miwe we däneli ekinleriň ýetişdirilen Ygdyr welaýatynda Newruz Sadak, 2 ýyl ozal meksika burçuny ýetişdirmäge başlady. 

Newruz Sadak Agry dagynyň etegindäki Akýumak obasynda ýetişdiren burçlaryny Ygdyr guramaçylyk senagat zolagyndaky desgasynda işläp taýýarlanyndan soň, Ýewropa iberýär. 

Ýyllyk takmynan 100 tonna önüm alýan Newruz Sadak, beren beýanatynda meksika burçuny ozal daşarydan alyp, Ýewropa bazaryna iberendiklerini habar berdi. 

Önümçilik ýerleriniň wagty bilen has hem ulaljakdygyny aýdan Sadak: "Häzirki wagtda Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa we Gollandiýa eksport edýäris" diýdi. 

 


Etiketkalar: #burç , #eksport , #Agry dagy

Degişli Habarlar