Türkiýe 38 ýurda 10 müň tonnadan gowrak doňdurma eksport etdi

Doňdurma we buzly içgileriň satuwyndan 24 million 206 müň 543 dollarlyk girdeji gazanyldy

1030423
Türkiýe 38 ýurda 10 müň tonnadan gowrak doňdurma eksport etdi

Türkiýe üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 38 ýurda 10 müň tonnadan gowrak doňdurma eksport etdi.

Türkiýäniň Hasabat guramasyndan berlen beýanata görä, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda doňdurma we buzly içgileriň satuwyndan 24 million 206 müň 543 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Doňdurma eksporty sanawynda 1451 tonna bilen Yrak birinji orny eýeleýär.

6 aýda Yraga 1451 tonna doňdurma eksport edildi we 4 million 155 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Doňdurma eksporty sanawynda 2 million 583 müň dollar bilen DKTR ikinji, 2 million 50 müň dollar bilen Kosowa üçünji orny eýeledi.

Sanawda 1 million 703 müň dollar bilen Ysraýyl dördünji, 1 million 354 müň dollar bilen Albaniýa bäşinji, 1 million 282 müň dollar bilen Birleşen Arap Emirlikleri bolsa altynjy orny eýeledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #doňdurma , #eksport , #girdeji

Degişli Habarlar