Antalýa howa ýollary arkaly gelýän syýahatçylaryň sany artýar

Syýahatçylygyň paýtagty Antalýa soňky 6 aýda howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda 34 göterim artyp, 6 million 199 müň 361 adama ýetdi

1017597
Antalýa howa ýollary arkaly gelýän syýahatçylaryň sany artýar

Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk edarasy tarapyndan berilen hasabata görä şähere Antalýa we Gazipaşa Alanýa howa menzilleri arkaly gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda örän artdy.

Geçen ýyl 20-nji iýula çenli 4 million 627 müň 228 syýahatçy gelen bolsa, şu ýyl 20-nji iýula çenli gelen myhmanhlaryň sany 6 million 199 müň 361 boldy.

Iki howa menzilinde iýul aýynyň ilkinji 20 gününde 1 million 445 müň 709 adama hyzmat berildi.



Degişli Habarlar