Haly eksporty 6 aýda 5,7 göterim artdy

haly eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 5,7 göterim artyp 711 million 9 müň dollara ýetdi

1007920
Haly eksporty 6 aýda 5,7 göterim artdy

 

Türkiýäniň Günorta gündogar Anadoly welaýatynyň haly eksporty  üstümizdäki ýylyň birinji ýarmynda 5,7 göterim artyp 711 million dollara ýetdi.

Türkiýäniň Günorta gündogar Anadoly Eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, bileleşige agza eksportçylar ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende eksportyny 4 göterim artdyrdy.

Ady agzalýan döwürde welaýatdan 182 ýurda 4 milliard 89 million 610 müň dollarlyk eksport edildi.

Welaýatyň halyçylyk pudagy hem eksportyny artdyrmaga dowam edýär.

Geçen ýylyň birinji ýarymynda haly eksporty  672 million 691 müň dollara barabar bolan bolsa şol san üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 5,7 göterim artyp 711 million 9 müň dollara ýetdi.

 


Etiketkalar: #haly , #eksport , #eksportçylar

Degişli Habarlar