Türkiýäniň ilkinji burawlaýyş gämisi ýola çykdy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň ilkinji burawlaýyş gämisine Fatih diýip at berendiklerini mälim etdi

983261
Türkiýäniň ilkinji burawlaýyş gämisi ýola çykdy

Burawlaýyş gämisini ugratmak dabarasy Dilowasy Beldeport deňiz menzilinde geçirildi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak dabarada sözlän sözünde: "Burawlaýyş gämimize güýçli mirasymyzy ýaşatmagy we täze döwri başlatmagy üçin Fatih diýip at berdik" diýdi. 

Albaýrak: "2600 metr çuňlukda Antalýanyň suw giňişliginde ilkinji burawlaýyş işlerini tomus aýynda başlatmak üçin Fatihi ugradýarys" diýdi. 

Gara deňizde hem burawlaýyş işleriniň geçiriljekdigini aýdan Berat Albaýrak: "Gara deňiz üçin hem ikinji gämimizem şu ýylyň dowamynda Türkiýe nebitleri anonim hyzmatdaşlygyň düzümine goşup, deňize ibereris" diýip buşlady. 

 



Degişli Habarlar