Air Fransa uly howp abanýar

Ministr Le Maire “Degişli çäreler görülmän halatynda firma ýok bolar”diýdi

965293
Air Fransa uly howp abanýar

Fransiýanyň Ykdysadyýet ministri Bruno Le Maire milli howa ýoly firmasy Air Frans meselesinde degişli çäreler görülmän halatynda firmanyň ýok bolmak howpuna sezewar boljakdygyny mälim etdi.

BFMTW kanalyna beýanat beren Le Maire firmanyň işgärleriniň aýlyk günlükleriniň artdyrylmagy we iş şertleriniň kadalaşdyrylmagy üçin 2,5 aýdan bäri bäri iş taşlaýyş yglan edendikleri sebäpli milli howa ýoly firmasyna uly howpyň abanýandygyny belledi.

Ministr Le Maire “Degişli çäreler görülmän halatynda firma ýok bolar”diýdi.

Iş taşlaýyş yglan eden uçarmanlara we howa ýoly firmasynyň işgärlerine hem ýüzlenen Le Marie “firma uly howp abanýandygy üçin her bir adam jogapkärçilikli hereket etmeli” diýdi.

Air Fransyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde iş taşlaýyşlar sebäpli 269 million ýewrolyk ýitgi çekendigi habar berildi.

 

 


Etiketkalar: #Fransiýa , #çäre , #firma

Degişli Habarlar