Mehmet Şimşek ABŞ-da saparda bolýar

Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2017-nji ýylda köp sanly guramanyň we analitigiň çaklamalaryny yzda galdyryp, 7,4 göterim ösendigini aýtdy

955379
Mehmet Şimşek ABŞ-da saparda bolýar

Halkara Pul Gaznasynyň we Bütindünýä bankynyn “Baharky maslahatlaryna” gatnaşmak üçin ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda saparda bolýan Mehmet Şimşek ABŞ-nyň Söwda birleşmesiniň we “Turkish Heritage Organizationyň” bilelikde guran çäresinde amerikaly işewürler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Gatnaşyjylara Türkiýäniň ykdysadyýeti barada giňişleýin maglumat beren Wise-premýer Şimşek, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2017-nji ýylda uly ösüş edip, onuň G20-ä girýän ýurtlaryň arasynda iň bir ýokary depginli ösüş performansydygyny nygtady.

Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2003-nji ýyldan bäri ortaça 5,7 göterim ösendigini we onuň satyn alyş güýjüne oňyn täsiriniň bardygyny beýan eden Şimşek: “Türkiýe ÝB bilen arasyndaky adam başyna düşýän girdeji tapawudyny soňky 25 ýylda 28 göterime çenli azaltdy. Bu diýseň täsir galdyryjy. Türkiýe ösüşini şu depginde dowam etdiren halatynda adam başyna düşýän girdeji taýdan 14 ýylda ÝB bilen deňleşer. Ol hem iňňän güýçli performans” diýdi.



Degişli Habarlar