Türkiýäniň ykdysadyýeti 2017-nji ýylda 7,4 göterim ösdi

Türkiýäniň ykdysadyýeti 2017-nji ýylda 7,4 göterimlik ösüş edip, ösüş boýunça Hytaýy hem geçdi

940009
Türkiýäniň ykdysadyýeti 2017-nji ýylda 7,4 göterim ösdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýurdyň 2017-nji ýyldaky ýurdyň ykdysadyýetiniň ösüşi bilen bagly taýarlanan hasabatyň netijelerini aýan etdi.

Şoňa laýyklykda Türkiýäniň ykdysadyýeti geçen ýyl 7,4 göterim ösüş etdi, ýylyň soňky çärýegindäki ösüş bolsa 7,3 göterim boldy.

Türkiýäniň 2017-nji ýyldaky ösüşi derejesi bilen Hytaýy geçip, OECD-e agza ýurtlaryň arasynda Irlandiýadan soň 2-nji oruna mynasyp boldy.

Önümçilik usulyna görä gündelik bahalar bilen Jemi içerki önüm 2017-nji ýylda 2016-njy ýyla garanyňda 19 göterim artyp, 3 trillion 104 milliard 907 million lira barabar boldy.

Adam başynda düşýän Jemi içerki önüm 2017-nji ýylda gündelik bahalar bilen 38 müň 660 lira (10 müň 597 dollar) hökmünde kesgitlendi.

Adam başynda düşýän Jemi içerki önüm 2016-njy ýylda bolsa 32 müň 676 lira (10 müň 807 dollar) hökmünde kesgitlenipdi.



Degişli Habarlar