IMF Türkiýäniň ösüş çaklamasyny 4,3 göterim artdyrdy

Halkara Pul gaznasy IMF Türkiýäniň 2018-2019-njy ýyllar üçin ösüş çaklamasyny 4,3 göterim artdyrdy

931006
IMF Türkiýäniň ösüş çaklamasyny 4,3 göterim artdyrdy

Halkara Pul gaznasy IMF Türkiýäniň 2018-2019-njy ýyllar üçin ösüş çaklamasyny 4,3 göterim artdyrdy.

Halkara Pul gaznasy mart aýynyň 19-20-si aralygynda Argentinada geçiriljek G-20-ä agza ýurtlaryň ministrler we merkezi banklaryň başlyklarynyň maslahatynyň öňüsyrasynda “Global çaklamalar we Syýasy bökdençlikler” atly habarnaasyny çap etdi.

Habarnamada global ösüşiň geçen ýylyň ikinji ýarymyndan soň maýa goýumlaryň we söwda gatnaşyklarynyň artmagy bilen birlikde uly ähmiýet gazanandygyna üns çekildi we birnäçe ýurduň ösüş depgininiň göz öňünde tutulşyndan has ýokarlandygy sebäpli 2018-2019-njy ýyllar üçin ösüş çaklamalarynyň artdyrlandygy ýatladyldy.

Halkara Pul gaznasynyň habarnamasynda adam başyna düşýän milli girdejileriň ýokarlandygy sebäpli Türkiýäniň ösüş çaklamasynyň artdyrylandygy nygtaldy.

Habarnama görä, Halkara Pul gaznasy Türkiýäniň üstümizdäki ýyl we geljek ýyl 4,3 göterim ösüş etmegine garaşýar.

 



Degişli Habarlar