Arslan: “Hytaýdan Ýewropa uzap gidýän söwda gatnaşygynyň BTK demir ýoly arkaly amala aşmagyny maksat

Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan Hytaýdan Ýewropa çenli uzap gidýän söwda gatnaşygynyň Baku-Tibilisi-Kars demir ýol ugry bilen amala aşyrylmagyny maksat edinýändiklerini aýtdy

915008
Arslan: “Hytaýdan Ýewropa uzap gidýän söwda gatnaşygynyň BTK demir ýoly arkaly amala aşmagyny maksat

Ahmet Arslan Gürjistanyň Wise-premýeri, Ykdysady we durnukly ösüş ministri Dimitri Kumsişwili bilen Ankarada metbugat ýygnagyny geçirdi.

Gürjistan bilen söwda mukdarynyň 2016-njy ýylda 1,5 milliard dollara barabar bolandygyny beýan eden Arslan, şol mukdaryň artdyryljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Ministr Arslan Baku-Tibilisi-Kars demir ýolunyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga uly goşant goşjakdygyny nygtady.

Türkiýe-Gürjistan özara gatnaşyklarynyň taryhy özboluşlygynyň bardygyna ünsi çeken Arslan, Gürjistanyň Türkiýäniň Kawkazdaky strategik hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.

Türkiýä Gürjistanyň territorial bitewiligini goldaýandygy üçin sagbolsun aýdan Dimitri Kumsişwili bolsa: “Biz terrorizme garşy bilelikde göreşmeli. Gerek bolan halatynda Gürjistan elmydama Türkiýäni goldar” diýdi.



Degişli Habarlar