Türkiýeden geçen ýyl 22 ýurda ançous eksport edildi

Ançous eksporty iň köp Fransiýa, Belgiýa we ABŞ-e edildi

898796
Türkiýeden geçen ýyl 22 ýurda ançous eksport edildi

Türkiýeden geçen ýyl 22 ýurda ançous eksport edilip, ançous eksportyndan 9 million 254 müň 436 dollar girdeji alyndy

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden alynan maglumata görä Türkiýeden geçen ýyl 22 ýurda ançous eksport edilip, ksportdan 9 million 254 müň 436 dollar girdeji alyndy.

Ýurtda 2016-njy ýylda 8 million 586 müň 799 dollarlyk ançous eksport edilipdi. 

Ançous eksporty iň köp Fransiýa, Belgiýa we ABŞ-e edildi.  

Ady agzalan döwürde Ispaniýa, Gollandiýa, Şweýsariýa, Rumyniýa bilen birlikde 22 ýurda ançous eksport edildi. 

 

 


Etiketkalar: #balyk , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar