Türkiýäniň ýyllyk eksporty 158 milliard dollara ýetdi

Ykdysadyýet ministri Zeýbekji eksportda taryhy rekordyň goýulandygyny mälim etdi

893942
Türkiýäniň ýyllyk eksporty 158 milliard dollara ýetdi

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Denizlide geçirilen Ykdysadyýet 2018 maslahatynda soňky ýetilen sepgitler barada maglumat berdi.

Ýyllyk eksportyň 158 milliard dollara ýetendigini aýdan Zeýbekji ösüşiň garaşylandan ýokary bolandygyny, ýyllyk ösüş maksatlarynyň 7 göterimdigini, eksportda bolsa taryhy rekord goýulandygyny habar berdi.

Nihat Zeýbekji: “365 günlik eksport 158 milliard dollar. Taryhy rekordy geçdik we öňümizdäki 3 aýda Türkiýäniň eksporty barada gürrüň giden mahaly 160 diýip başlajakdygymyza arkaýyn boluň” diýdi.

Zeýbekji maksatlarynyň 300 milliard dollardygyny, öňümizdäki 5 ýylda şol maksada ýetiljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar