Günorta Afrikada dünýäniň iň uly almazlarynyň biri tapyldy

Günorta Afrika ýurtlaryndan Lesotodaky Lesteng almaz käninde dünýäniň iň uly 5-nji almazy tapyldy

889282
Günorta Afrikada dünýäniň iň uly almazlarynyň biri tapyldy

Magdan käniniň eýesi merkezi Britaniýada ýerleşýän Gem Diamonds kärhanasy almazyň 910 karat we 40 million dollar gymmadyndadygyny habar berdi.

Gem Diamonds kärhanasynyň başlygy Klifford Elfik metbugata beren beýanatynda ady agzalan almazyň iň dury görnüşi bolan D reňkli görnüşdendigini we ululygy taýdan dünýäde iň ulylarynyň biridigini mälim etdi.

Elfik: “Magdan käninden çykaran bu almaz dünýäde tapylan iň uly 5-nji almaz aýratynlygyna eýe. magdan käninden 2006-njy ýyldan 603 karatlyk, 2015-nji ýylda bolsa 357 karatlyk almazlar tapdyk” diýdi.



Degişli Habarlar