Gazpromyň Türkiýä tebigy gaz eksporty artdy

Mundan başgada Gresiýa tebigy gaz eksportynyň 10,1 göterim, Bolgariýa 5,7 göterim, Wengriýa 22 göterim, Serbiýa 23,5 göterim artandygy mälim edildi

870186
Gazpromyň Türkiýä tebigy gaz eksporty artdy

Russiýanyň Gazprom kärhanasy 1-nji ýanwar-15-nji dekabr aralygynda Türkiýä edýän tebigy gaz eksportynyň geçen 2016-njy ýylyň şol döwrüne garanyňda 18,8 göterim artyp, 27,6 milliard kub metre ýetendigini habar berdi. 

Gazprom tarapyndan berilen beýanatda: "Gazprom 2017-nji ýylyň ilkinji 11,5 aýynda daşary ýurtdaky iň uly 2-nji bazary bolan Türkiýä 27,6 milliard kub metr tebigy gaz eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 18,8 göterim köp" diýildi. 

Mundan başgada Gresiýa tebigy gaz eksportynyň 10,1 göterim, Bolgariýa 5,7 göterim, Wengriýa 22 göterim, Serbiýa 23,5 göterim artandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar