Türkiýe 76 ýurda tohum satdy
Türkiýäniň tohum önümçiligi 5 ýylda 50 göterim artdy
863591
Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, ýerli tohum önümçiliginiň artdyrylmagy baradaky tagallalar oňyn netije berýär.
Türkiýäniň tohum önümçiligi 5 ýylda 50 göterim artdy.
Pudak 2016-njy ýylda 957 müň 925 tonna tohum öndürdi.
Önümçilikde ulanylýan tohumyň görnüşleri hem artdy.
Türk tohum öndürjileri ýylda 1,5 million tonna ýerli tohum öndürmegi maksat edinýär.
Türkiýe tohumçylykdaky eksporty bilen hem ünsleri özüne çekýär.
Geçen ýyl 76 ýurda 153 million dollarlyk tohum eksport edildi.
Tohum eksportunda nobaty bilen Ukraina, Wengriýa, Fransiýa, Ruminiýa we Russiýa esasy orun eýeledi.
Degişli Habarlar
ASELSAN Uly Mukdarda Şertnama Baglaşdy
Firma bu barasynda Jemgyýetçilige maglumat beriş platformasyna beýannama berdi.