Türkiýäniň eksporty noýabr aýynda hem artdy...

Eksport noýabr aýynda geçen ýylyň noýabr aýyna garanyňda 14,2 göterim artyp, 13 milliard 629 million dollara barabar boldy

859455
Türkiýäniň eksporty noýabr aýynda hem artdy...

Şeýlelik bilen eksport taryhyndaky iň gowy 3-nji noýabr aýyny elde etdi.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan eksportyň noýabr aýy bilen bagly hasabatyny mälim etdi.

Eksport ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň 11 aýy bilen deňeşdirilende 10,7 göterim artyp, 142 milliard 663 million dollara ýetdi.

Soňky 12 aýda bolsa eksport 10,5 göterim artyp, 155 milliard 443 million dollara ýetdi.

Noýabr aýynda iň köp eksport artyşy 63,6 göterim bilen zeýtun we zeýtun ýagynda bolan bolsa, ondan soň 46,7 göterim bilen demir pudagynda bellige alyndy.



Degişli Habarlar