Türk bankçylyk ulgamy ösmäge dowam edýär

“QNB Finansbank Konstruktiw we Täjirjiçik Bankynyň” baş müdiriniň orunbasary Ömür Tan bankçylyk pudagynyň 9 aýda 14,5 göterim ösendigini aýtdy

855875
Türk bankçylyk ulgamy ösmäge dowam edýär

Tan Bursada beren beýannamasynda bankçylyk pudagynyň geçen ýyla barabar ösüş depginine 9 aýda ýetilendigini, ýylyň ahyrynda ösüş depgininiň has-da güýçlenjekdigini mälim etdi.

Tan köp sanly bankyň üçünji çärýekdäki ösüş görkezijilerini beýan edendiklerini we sanlarda ýokarlamanyň bardygyny aýtdy.

Türkiýäniň bankçylyk pudagynyň karzlar taýdan dünýä we Ýewropa standartlaryna görä kadalydygyny nygtan Tan, bankçylyk pudagynyň häzirki wagtda 2 trillion karz ululygyna eýedigini beýan etdi.



Degişli Habarlar