Türkiýäniň Katara edýän eksporty 382 million 183 müň dollara barabar boldy

Käbir ýurtlaryň Katara goýan embargosyndan soň Türkiýäniň Katara edýän 4 aýlyk eksporty 90 göterime golaý artdy

837051
Türkiýäniň Katara edýän eksporty 382 million 183 müň dollara barabar boldy

Türkiýäniň Katara edýän eksporty ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň ady agzalýan döwründe 29 göterim artyp 382 million 183 müň dollara barabar boldy.

Egeý Eksportçylar bileleşiginden berlen ýazmaça beýanata görä, Türkiýäniň  2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Katara eden 296 million 912 müň dollara barabar bolan eksporty, üstümizdäki ýylyň ady agzalýan döwründe 29 göterim artyp 382 million 183 müň dollara ýetdi.

Käbir ýurtlaryň Katara goýan embargosyndan soň Türkiýäniň Katara edýän 4 aýlyk eksporty 90 göterime golaý artdy.

2016-njy ýylyň iýun-sentýabr aýlarynda Katara edilen  eksport 114 million dollar mahaly şol san üstümizdäki ýylyň ady agzalýan döwründe 216 million dollara barabar boldy.


Etiketkalar: #Egeý , #eksport , #Katar , #artmak , #dollar

Degişli Habarlar