Russiýa Türkiýeden pomidor satyn alar

Dworkowiç degişli kararyň 2018-nji ýylyň başynda güýje girjekdigini belledi

820379
Russiýa Türkiýeden pomidor satyn alar

Russiýanyň Wise-premýeri Arkadiý Dworkowiç hökümete 2018-nji ýylda Türkiýeden 50 müň tonna pomidor alynmagy üçin teklip berjekdiklerini mälim etdi. 

Dworkowiç Russiýanyň Energetika hepdeliginde eden çykyşynda: "Oba-hojalyk ministrliginiň teklibi ýylda azyndan 50 müň tonna pomidor alynmagy" diýdi.

Dworkowiç degişli kararyň 2018-nji ýylyň başynda güýje girjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar