Gazagystan Hytaýa ýylda 5 milliard m3 tebigy gaz eksport eder

Gazagystanyň milli tebigy gaz kompaniýasy “Kaztransgazdan” berilen beýannamada eksportyň 15-nji oktýabrda başlamagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi

819117
Gazagystan Hytaýa ýylda 5 milliard m3 tebigy gaz eksport eder

Eksport ylalaşygynyň “PetroJhina” we “Kaztransgaz” kompaniýalarynyň arasynda baglaşylandygy barada aýdylýan beýannamada, “Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky bu taryhy ylalaşyk bilen eksport girdejisiniň 1 milliard dollara barabar bolmagyna garaşylýar” diýilýär.

Gazagystanyň günbataryndaky känler bilen “Kaztransgazyň ýerasty tebigy gaz saklaýyş desgalaryndaky ätiýaçlardan alynjak tebigy gazyn Hytaýa Horgos serhedinden akdyryljakdygy habar berildi.

Beýannamada Gazagystanyň täze Ýewroaziýa logistiki infrastrukturasynyň ösdürilmegindäki strategik meýilnama laýyk iş alyp barýandygy we Hytaýa ediljek tebigy gaz eksportynyň özara gatnaşyklara oňyn goşant goşjakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar