Fitch Türkiýe boýunça ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitch Türkiýe boýunça ösüş çakmalasyny ýokarlandyrdy

819003
Fitch Türkiýe boýunça ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Fitch Ratingsiň sentýabr aýyndaky global ykdysady habarnamasy çap edildi.

Türk ykdysadyýeti baradaky 2017-nji ýyl boýunça ösüş çaklamasy 4,7 göterimden 5,5 göterime çenli ýokarlandyryldy.

Habarnamada türk ykdysadyýeti baradaky täze analizlere orun berildi.

Türkiýedäki ykdysady ösüşiň Fitchiň çaklamasyndan ýokarda bolandygy barada aýdylýan habarnamada, 2017-nji ýyl üçin ösüş çaklamasynyň iýun aýyndaky 4,7 göterimden 5,5 göterime çenli ýokarlandyrylandygy nygtalýar.

Habarnamada dünýä ykdysadyýetiniň üstümizdäki ýylyň dowamynda kadalaşandygy we häzirki wagtda 2010-njy ýyldan bäri iň uly ösüşini amala aşyryp biljekdigi beýan edildi.



Degişli Habarlar